Video Thumbnail

Ýaşlaryň sesini güýçlendirmek üçin bize goşulyň!

Ýakyn wagtda şu ýarymýyllygyň iň köp garaşylýan we uly çäreleriniň biri – Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) Ýaşlar forumy guralar. Meýilleşdirilen çäreleriň sanynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Ikinji Dialogy geçiriler. Bu çäre ýurduň sebit utgaşmasyna we durnukly ösüşiň ideallaryny bilelikde öňe sürmäge ygrarlydygyny görkezýän Türkmenistanyň birleşdiriji başlangyjy boldy.

Çäräniň esasy maksady – Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň sebit hyzmatdaşlygynyň strategik meseleleriniň çözgüdini öz ellerine alyp, geljegi meýilleşdirmekde işjeň gatnaşmagydyr. Olar özleriniň ägirt uly taslamalary we döredijilikli pikirleri esasynda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin bilelikdäki hereketleriň binýadyny goýmaga çalyşýarlar.

Şol sebäpli her bir ses diňe bir milli derejede däl, eýsem sebit derejesinde hem eşidiler ýaly bu çärä dürli ýaşlar jemgyýetçilikleriniň wekilleri gatnaşmaga çekiler.

Eger-de siziň gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylyk gurmak, syýasy proseslere gatnaşmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýa-da sebit özara täsirleşmegiň gurllaryny sazlamak boýunça pikirleriňiz ýa-da anyk başlangyçlaryňyz bar bolsa, foruma gönüden-göni gatnaşyp bilersiňiz!

Muny nädip etmeli? Örän aňsat:

1. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Ikinji Dialogynyň saýtyna şu salgydan giriň.

2. Soňra “Hasaba alyş” düwmesine basyň.

3. Ondan soň, pdf görnüşindäki konseptual bellikleri ýükläp biljek penjiräňiz açylar we çäräniň maksatlary, wezipeleri, görnüşi, tematik ugurlary bilen tanyş bolarsyňyz.

4. Aşakda hasaba alyş formasy berler, bu ýerde şahsy maglumatlaryňyzy dolduryp, çykyşyňyzyň mowzugy barada gysgaça maglumat ýazyp, dowamlylygy 7 minutdan geçmeýän prezentasiýaňyzy ýükläň.

5. Ähli zerur meýdançalary dolduranyňyzdan soň, “Formany ýükläň” düwmesine basyň.

6. Indi diňe görkezilen elektron poçta salgyňyza jogap gelmegini garaşmaly.

Ýaşlaryň başlangyçlary uly ähmiýete eýedir, sebäbi olar diňe bir geljekki çäräniň mazmunyny däl, eýsem biziň umumy geljegimiziň parahatçylykly, howpsuz we dinamiki häsiýetini kesgitleýär.