Featured blog image
Eksklýuziw 17 Apr 2025

BMG-niň ştab-kwartiwasynda ÝUNFPA bilen ýaşlar syýasaty ugrundaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda EKOSOS ýaşlar forumynyň hem-de “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň” ikinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Diýene Keýta bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Öz çykyşynda türkmen wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watan daýanjy” şygary durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrüljek watansöýüji, sowatly we maksada okgunly ýaş nesli terbiýelemekdäki öňdengörüjilikli çemeleşmäniň aýdyň beýanydygyny bellediler. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ýaşlaryň şahsy gyzyklanmalaryny, ukyplaryny we höweslerini göz öňünde tutup, olaryň ýurdumyzyň ykdysady, jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün edýän inklýuziw nusgany döretdi. Wekiliýetiň bellemegine görä, bu nusga diňe bir ýaşlaryň mümkinçiliklerini açmak bilen çäklenmän, eýsem, demografik artykmaçlyklary ykdysadyýetiň bilime esaslanýan  innowasion ösüşiniň täze ugruna çekmäge ýardam berýär.

Diýene Keýta Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny ýokary bahalap, olaryň ÝUNFPA-nyň demografiýa we ýaşlar syýasaty boýunça wezipesine doly laýyk gelýändigini belledi. Ol “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň” döredilmeginde Türkmenistanyň öňdebaryjy orny eýelemegine we onuň sebitara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetine ýokary baha berdi. Keýta Türkmenistanyň nusgasynyň beýleki ýurtlar üçin oňyn tejribe bolup durýandygyny aýtdy.

ÝUNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary guramanyň alyp barýan işleri, şol sanda, demografiýa, reproduktiw saglygy we gender deňligi boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berdi we maksatnamalaryň Merkezi Aziýada üstünlikli amala aşyrylýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de, Keýta “Ýaşlyk” tele- we radioýaýlymlarynyň ÝUNFPA tarapyndan goldanylýandygyny, şeýle-de, Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ÝUNFPA-nyň «Youth Leadership Programme» we «Data for Development» ýaly global taslamalary bilen utgaşdyrylma mümkinçiligini belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, hususan-da, demografik maglumatlarynyň toplumlaýyn meýilnamalaşdyrma we seljerme işlerinde ulanmak ugrundaky innowasion usullary meseleleri boýunça ÝUNFPA-nyň tejribesini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, hyzmatdaşlygyň birnäçe ugrlary boýunça teklipler öňe sürüldi: 1) bilimi meýilnamalaşdyrmak üçin demografik maglumatlaryň seljerilişi boýunça sebitleýin okuw maksatnamasy; 2) ýaşlaryň zähmet bazarynyň üýtgäp durýan talaplaryna taýýarlygyny üpjün etmek üçin “21-nji asyryň başarnyklary” boýunça okuwlaryň guralmagy. 

Diýene Keýta bu başlangyçlary durmuşa geçirmekde ÝUNFPA-nyň degişli hünärmenleriň kömegini bermäge taýyndygyny, “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň” bolsa bu taslamalaryň giňeldilmegine ýardam berjek giňişligiň bolup biljekdigini aýtdy. Diýene Keýta bu çäräniň ýokary guramaçylykly geçirilendigi üçin Türkmenistana öz minnetdarlygyny bildirip, ýurdumyzyň Pact for the Future ýaly halkara gün tertibine goşan goşandyny aýratyn nygtady we ÝUNFPA-nyň bilim we demografiýa ugurlarynda taslamalary giňeltmäge taýýardygyny we bu babatda hünärmenleriň gatnaşmagynda ýörite duşuşygy geçirmegini goldady.