Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň ikinji duşuşygy başlandy
Şu gün 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň ikinji duşuşygy başlandy. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyryjylygynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) Ýaşlar forumynyň çäklerinde guraldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň Arkadag şäherinde döredilmegi we onuň işiniň dowam etdirilmegi sebitde demografik mümkinçiligi durmuşa geçirmek isleginiň bardygyna şaýatlyk edýär, sebäbi ýaşlar sebit ilatynyň uly bölegini tutýar we degişli goldaw hem-de hyzmatdaşlyk bilen ykdysady ösüşiň güýçli hereketlendirijisine öwrülip biler. Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ýaşlaryň bilimine, iş bilen üpjün edilmegine we sebitleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen maýa goýumlar möhüm ähmiýete eýedir. Forumyň açylyşy duşuşygyň moderatory bolan Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Gatnaşyjylara tematiki wideo ýazgy görkezildi, ondan soň çäräniň esasy bölümi başlandy. Dialogyň işine Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri hem-de sebitiň ýurtlarynyň ýaşlar guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesiniň jemleýji resminama hökmünde kabul edilmegine garaşylýar. Bu resminama gazanylan üstünlikleri berkider we täze uly taslamalary hem-de başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri döreder. Bu Dialog Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň özara gatnaşyklary üçin möhüm meýdança hökmünde kabul edilýär hem-de hyzmatdaşlygyň ösmegine we öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam berýär. Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogyny geçirmegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu Düzgünnama duşuşyklaryň her ýyl sebitiň döwletleriniň arasynda nobatlaşyp geçirilmegini göz öňüne tutýar.