Featured blog image
Eksklýuziw 16 Apr 2025

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti BMG-niň Hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýaş liderleriniň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherindäki ýurdumyzyň BMG-niň düzüminde wekilçilik edýän Hemişelik wekilhanasyna sapar bilen bardy.

Wekiliýeti Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany, hormatly hanym Aksoltan Ataýewa mähirli garşylady. Duşuşygyň dowamynda Ataýewa ýaş wekilleri Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy, ýurdumyzyň halkara başlangyçlary ilerletmekde eýeleýän orny, aýratyn-da, BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän parahatçylyk, durnukly ösüş, ýaşlar diplomatiýasy we medeni dialog ýaly ileri tutulýan ugurlar bilen giňişleýin tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän halkara derejedäki başlangyçlaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi bilen utgaşyklylykda dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, BMG-niň ýaşlar gün tertibine ýurdumyzyň goşandyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň gatnaşmagynda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de Ataýewa ýaşlary halkara başlangyçlara mynasyp wekilçilik etmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, diplomatik gullugyň aýratynlyklary, halkara gatnaşyklarda özara hormat we düşünişmek ýörelgelerini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler bilen tanyşdyrdy.

Dostlukly we ýokary ruhubelentlikde geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň häzirki döwrüň möhüm meseleleri we ýaşlaryň ösüşi bilen baglanyşykly ugurlar boýunça öz tekliplerini beýan etdiler. Şeýle-de olar diplomatik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ýaşlaryň BMG-niň howandarlygyndaky taslamalara işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly başlangyçlar boýunça pikirlerini paýlaşdylar.

Saparyň dowamynda ýaş wekiller üçin guralan duşuşyk ýurdumyzyň halkara derejesindäki ýaşlar syýasatynyň amala aşyrylyşynda aýratyn ähmiýete eýe boldy hem-de Forumyň resmi çäreleriniň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasaty bilen özara sazlaşygyny emele getirdi.