Featured blog image
Eksklýuziw 16 Apr 2025

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary bilen ÝUNESKO-nyň BMG- niň ýanyndaky wekili duşuşdy

Şol gün Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary bilen BMG-niň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň edarasynyň Direktory hem-de ÝUNESKO-nyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili jenap Eliot Minçenbergiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň bilim, ylym hem-de medeniýet ugurlarynda alyp barýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyny ýokary derejede bahaladylar. Türkmenistanyň ministriniň orunbasary ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň degişli düzümleri, hususan-da, Bilim ulgamyndaky maglumat tehnologiýalary instituty (ИИТО) bilen hyzmatdaşlykda öňdebaryjy halkara tejribeleriň işjeň ornaşdyrylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny sanly görnüşe geçirmegiň çäklerinde milli sanly bilim platformasynyň işlenilip düzülmegi, emeli intellekt esasynda döwrebap çözgütleriň ornaşdyrylmagy ýaly bilelikdäki üstünlikli tejribeler aýratyn bellenildi.

Jenap Minçenberg Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamyndaky maglumat tehnologiýalary instituty bilen 2023-nji ýylda baglaşylan degişli “Ýol kartasynyň” esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň netijeliligine ýokary baha berdi hem-de bu oňyn tejribäniň beýleki ýurtlara, hususan-da ösýän döwletlere ýaýradylmagynyň möhümdigini belledi. Ol BMG-niň çäklerinde öňdebaryjy bilim tejribeleri we tehnologiýalary alyşmaga gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny beýan etdi. BMG-niň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň edarasynyň Direktory ÝUNESKO-nyň howandarlygynda BMG-niň meýdançasynda sanly tehnologiýalaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygyň we ynamyň medeniýetini berkitmekde tutýan ornuna bagyşlanan forum ýaly bilelikdäki çäreleri geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklaryň Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna täze mümkinçilikleri açjakdygyna, şeýle hem bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda umumy maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.