Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşindäki (EKOSOS) işjeň gatnaşygynyň täze sahypasy
Şu ýylyň aprel aýynyň 15-17-si aralygynda, Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň Baş edarasynda geçirilýän Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti gatnaşýar. Bu forumyň esasy maksady — 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin durnukly, inklýuziw we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri ilerletmekdir.
Mejlisiň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň agzalarynyň öňünde duran wezipeler, şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde gazanylan umumy ösüşler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem, EKOSOS-nyň 2025-nji ýyl üçin Ýaşlar forumynyň işine gatnaşar. Bu forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda geçiriljek ikinji duşuşyk — Ýaşlar Dialogy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen bu mehanizm, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan we Gyrgyzystanyň ýaş liderlerini bir ýere jemläp, sebitde ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.