Featured blog image
Teswirlemeler 11 Apr 2025

Energiýa elýeterliliginden global täsire: Durnukly energiýa çözgütlerine ýaşlaryň goşandy

BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 7-nji Maksady — «Elýeterli we arassa energiýa» boýunça ilçisi hökmünde, men Türkmenistanyň ýaşlaryny dünýäde durnukly energiýa barada alnyp barylýan dialogda wekilçilik etmek bilen bu ugurda iş alyp barýandygym üçin buýsanýaryn. Arassa we ygtybarly energiýa elýeterlilik diňe bir tehnologik zerurlyk bolman, eýsem hemmeler üçin hormata, deňlige we durnukly ösüşe tarap möhüm ädimdir.

Türkmenistanda biz ýokary okuw mekdeplerinde energetika howpsuzlygy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we durnukly ösüş baradaky düşünjeleri ýaýratmak üçin yzygiderli seminarlar we düşündiriş çärelerini geçirýäris. Şeýle çäreleriň biri golaýda Mary şäherindäki Türkmenistanyň Energetika Instituty bilen bilelikde guralar, ol ýerde ýaşlar, hünärmenler we hyzmatdaşlar energiýanyň geljegi we ýaşlaryň orny barada pikir alşarlar.

Bu forumlar ýaşlara global çözgütleriň işjeň gatnaşyjylary bolmaga mümkinçilik berýär. Dialog, ylmy gözlegler we jemgyýetçilik başlangyçlary arkaly biz has durnukly geljege ýol açýarys.

Halkara derejesinde biz «Diplomatik dialog» atly taslamany BMG we Turkmenportal bilen hyzmatdaşlykda alyp barýarys. Bu taslama her aý geçirilýän çärelere, daşary ýurt ilçileri we BMG agentlikleriniň wekilleri bilen geçýän söhbetdeşliklere esaslanýar. Diplomatiýa, ýaş liderlik we umumy maksatlar bu gepleşikleriň esasy ugurlarydyr. Bu taslama ýurtlaryň we nesilleriň arasynda hyzmatdaşlygy we düşünişmegi ösdürýär.

Biz, Merkezi Aziýanyň ýaşlary, oňyn üýtgeşmelere taýýar. Biz döredijiligimiz, energiýamyz we ygrarlylygymyz bilen arassa energiýa elýeterliligi hem-de parahatçylykly hyzmatdaşlygy ertiriň binýadyna öwürýäris.

Ýunus ALLANAZAROW

Türkmen Telewideniýesiniň alyp baryjysy, BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş ilçisi