Featured blog image
Analitika 08 Apr 2025

Merkezi Aziýa: esasy statistik görkezijileriň çäginde DÖM-e ýetmekde we utgaşma işlerini ilerletmekde ýaşlaryň mümkinçiliklerine syn bermek

ANALITIK MAGLUMAT

Merkezi Aziýa: esasy statistik görkezijileriň çäginde DÖM-e ýetmekde we utgaşma işlerini ilerletmekde ýaşlaryň mümkinçiliklerine syn bermek 

 

Merkezi Aziýanyň ýaşlary diňe bir ep-esli zähmet hem-de sarp ediş bazary bolmak bilen çäklenmän, eýsem innowasiýalaryň, ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň möhüm draýweri hökmünde hyzmat edýär. Global bäsdeşlik we çig mal ykdysadyýetinden ösüşiň innowasion nusgasyna geçmek zerurlygy şertlerinde sebitiň ýurtlarynyň goşulyşan “sesi” dünýä giňişligine düýpli täsirini ýetirip biler. 

Sebitiň ýurtlarynyň ilatynyň düzüminde ep-esli bölegiň ýaşlaryň paýyna düşýändigi ilat sanynyň ýokary depginde artmagy bilen düşündirilýär. Munuň netijesinde sebit kuwwatly demografik düşewünde eýedir. 

 

1. Demografik ýagdaý 

Belli bolşy ýaly, dünýäde iň ýaş sebitleriň biri hökmünde bu sebit aýratyn demografik, medeni we taryhy kuwwata eýedir.  Resmi maglumatlara görä, Merkezi Aziýanyň ilatynyň ortaça ýaş derejesi 26,2 ýyla deňdir, bu görkeziji geçirilen ylmy barlaglar hem-de statistikanyň maglumatlary bilen tassyk bolýar[1]

.

Häzirki wagtda sebitiň ilaty 2021-nji ýyl bilen deňeşdireňde 3,7% we soňky 24 ýylyň dowamynda 1,4 esse artyp, 80 million adamdan geçdi[2]. Şunuň ýaly demografik hadysalar Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam edýär. 

Sosiologlaryň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli sebitiň ilaty takmynan 100 million adama ýeter. Ilat sanynyň çalt depginde artmagy durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, iş orunlaryny döretmek we durmuşyň hilini ýokarlandyrmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň öňünde derwaýys wezipeleri goýýar.

2. Ýaşlar we onuň utgaşmak hadysalarynda tutýan orny 

Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, ýaşlaryň zähmet işine telekeçilik başlangyçlaryna we innowasion taslamalara işjeň gatnaşmagy sebitiň ýurtlarynyň JIÖ-synyň ösmeginiň umumy depginine oňyn täsir edýär[3]. Mysal üçin, 2025-nji ýylyň aprel aýyndaky ýagdaýa göräbazar maýasynyň göwrümi boýunça öňdebaryjy 10 kompaniýa, şol sanda Apple, Microsoft, NVIDIA, Alphabet (Google), Amazon, Meta Platforms, Tesla, TSMC we Broadcom global ykdysadyýetde esasy ähmiýete eýe bolup durýarlar, olar dünýä JIÖ-siniň 2,2%-ni (2,53 trillion amerikan dollaryny) döredýärler. Olaryň ortaça ýaşy 30 ýaş bolan işgärleri dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň bary-ýogy 0,048%-ni (2,55 million adam) düzýär, bu bolsa olaryň aýratyn ýokary öndürijilige eýedigini görkezýär. Bu görkeziji dünýädäki zähmete ukyply 5,33 milliard adamyňkydan 46 esse we iş bilen meşgul bolýan adamlaryň ortaça sanynyňkydan 30 esse köpdür. Bu işgärleriň esasy bölegini riki ýaşynda adatça IT pudagynda işe başlaýan inženerler, işläp taýýarlaýjylar we analitikler düzýär. 

         Dünýäniň bu öňdebaryjy tehnologik kompaniýalarynda işgärleriň ortaça ýaşy umuman pesdir, bu bolsa innowasiýalar üçin ýaş hünärmenleriň zerurdygyny tassyklaýar. Mysal üçin, 2016-njy ýylda Facebook kopmaniýasynyň işgärleriniň ortaça ýaşy 28 ýaşa, LinkedIn kompaniýasynda – 30 ýaş, Salesforce kompaniýasynda – 30 ýaş, Google kompaniýasynda – 30 ýaş, Apple kompaniýasynda – 31 ýaş, Microsoft kompaniýasynda – 32 ýaş[4]. 2017 –nji ýylda Business Insider  tehnologik bölekdäki işgärleriň aglaba köpüsiniň 20-den 30-a çenli ýaşyndaky adamlardygyny, Yahoo we AOL ýaly kompaniýalarda ortaça ýaşyň 28-30 aralygyndadygyny habar berdi[5].

         Has täze maglumatlar bu hadysany tassyklaýarlar: Apple ýaly kompaniýalarda işgärleriň 58% töweregi 20 ýaşdan 30 ýaş çenli ýaşyndaky adamlardyr[6]. Bu maglumatlar uýgunlaşyjylygy, höwesi we häzirkizaman tehnologiýalaryny bilmegi iňňän möhüm bolan ýaş hünärmenleriň innowasion kompaniýalarda esasy orun tutýandyklaryny görkezýärler. Merkezi Aziýada demografik ýagdaý. Merkezi Aziýanyň ýaş ilaty bar we ol ep-esli demografik kuwwata eýedir.

         Özbegistanda ilatyň 35%-i 14 ýaşdan kiçi ýaşly adamlar, bu bolsa ýaşlaryň ilatyň düzüminde uly paýynyň bardygyny aňladýar[7].  Sebitde ilatyň ortaça ýaşy dünýä ilatynyň ortaça ýaşyndan pesdir (2025-nji ýylda global derejede takmynan 39,6 ýaş)[8]. Ýöne bu kuwwaty ulanmak üçin ýaşlara ýokary hilli bilime elýeterliligi we ösüşe ýardam berýän mümkinçilikleri üpjün etmek zerurdyr, bu bolsa sebit hyzmatdaşlygyny talap edýär. 

          Ýaş, bilimli işgärler zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak we innowasion önümleri öndürmek arkaly JIÖ-niň artmagyna ýardam edýärler. Mysal üçin, ABŞ-nyň tehnologik bölegi beýleki pudaklar bilen deňeşdireniňde öndürijiligiň has ýokary depginlerini gazanýar, bu bolsa onuň işgärleriniň biliminiň ýokary derejesi bilen baglanyşyklydyr[9]. Şeýle hem, ýaş telekeçiler we innowatorlar täze kompaniýalary we iş orunlary döredip ykdysady ösüşi höweslendirýärler, bu ýagdaý degişli ylmy barlaglar bilen tassyk bolýar[10]. Ýaş bilimli ilaty bolan ýurtlar we kompaniýalar olaryň üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga ukyplydygy we tehnologik işläp taýýarlamalarda öňdebaryjy orunlary eýeläp bilýändigi sebäpli global ykdysadyýetde artykmaçlyk gazanýar. Ýaşlaryň bilimine maýa goýýan döwletleriň has köp daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekýändigi we has bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döredýändigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek[11].

Ýaş işgärler innowasiýalaryň hereketlendirijiler bolup durýan öňdebaryjy kompaniýalardaky ýaly, Merkezi Aziýa hem öz ýaşlaryny ykdysady ösüşi gazanmak üçin ulanyp biler. Galyberse-de, munuň üçin düýpli deslapky şertler bardyr: Merkezi Aziýa ýurtlarynda amatly demografik düzümiň bardygy aýdyň görünýär: zähmete ukyply ýaşyndaky ilatyň paýy artýar. Sebitiň aýry-aýry ýurtlary (mysal üçin, Özbegistan) üçin Bütindünýä bankynyň analitik hasabatlarynda baha berilmegine görä, bilim, iş bilen üpjünçilik we saglygy goraýyş ulgamlarynda syýasatyň oýlanşykly amala aşyrylmagy demografik düşewüntden gelýän ykdysady netijäniň işjeň demografik girdejiniň gazanylýan döwründe takmynan 10-15% möçberinde JIÖ-niň goşmaça artmagyna getirip biler. Şeýle bahalandyrmalar, elbetde, ýurda we durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ýagdaýyna baglylykda dürli hili bolup biler[12]. Demogarfik düşewündiň ulanylmagynyň “işjeň döwrüniň” takmynan 15-20 ýyl dowam edýändigini göz öňünde tutsaň, onda demografik düşewündiň mümkinçiliklerini birleşdirmegiň hasabyna ykdysady ösüşe goşulýan jemi goşmaça goşant, her ýylky ösüşiň takmynan 1,5-2,0 göterim derejesi bilen deňeşdireniňde JIÖ-niň goşmaça ösüşiniň 15-den 25%-ine çenli möçberini tutup biler[13].

Türkmenistan özüniň durnuklylygynyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň we durnukly ösüşiň ýörelgelerine ygrarlylygynyň netijesinde utgaşykly işleriň deňhukukly başyny başlaýjy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Galyberse-de, ol işler diňe bir oňun demografik düşewünt däl, eýsem kuwwatly çig mal binýady esas bolan ýokary depginli ykdysady ösüş bilen utgaşdyrylýar: sebitde uranyň dünýä gorlarynyň takmynan 20%-i, nebitiň 17%-i, tebigy gazyň 7%-i, seýrek metal ýataklarynyň ep-esli bölegi, şeýle hem gidroenergetika we gün energetikasy ulgamynda uly kuwwat jemlenendir. 

Soňky 24 ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň JIÖ-siniň umumy göwrümi 10,8 esse, satyn alyş ukybynyň pariteti boýunça dünýä JIÖ-sindäki paýy 1,9 esse artdy. Bu ösüş belli bir derejede ykdysady işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy bilen şertlendirilendir[14]. Mysal üçin, JIÖ-niň ortaça ösüşi 6%-den ýokary derejede bellige alnan Türkmenistanda 20-den 29 ýaşa çenli ýaşyndaky hünärmenleriň sanynyň artýandygy bellenýär (2015-nji ýylda 24,5% bolanyndan 2022-nji ýylda 27,2%-e ýetdi) [15] Muňa garamazdan, sebitiň ykdysadyýetleriniň göwrüm we düzüm babatda tapawutlanýandygyny bellemek gerek: Merkezi Aziýada JIÖ-iň ortaça ösüşi 2022-2023-nji ýyllarda 4,8%-e deň boldy, şol bir wagtyň özünde ösüp barýan bazarlar 4,2%, dünýä ykdysadyýeti bolsa 3,4% artdy[16]. 2016-njy ýyldan başlap sebitiň umumy JIÖ-i 60% artyp, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 450 milliard amerikan dollaryna ýetdi[17].

Şunuň ýaly ep-esli ösüşiň gazanylmagy işewürleriň täze nesliniň mümkinçilikleriniň özleşdirilmeginiň hasabyna hem mümkin boldy: 2023-nji ýyla çenli ýagdaýda Merkezi Aziýada kiçi we orta telekeçiligiň 47% bölegine (35 ýaşa çenli) ýaş adamlar ýolbaşçylyk edýärler[18].

 

3. Söwdanyň we maýa goýumlarynyň artmagy 

 

Içerki önümçiligiň ep-esli derejede ykdysady ösüşiniň gazanylmagy daşary söwda dolanyşygynyň artdyrmagyna ýardam edýär, ol dolanyşyk 2017-nji ýilen deňeşdireniňde 2024-nji ýylda 2 essä barabar artdy we 220 milliard amerikan dollaryna ýetdi[19]. Şunuň bilen birlikde soňky 7 ýylda sebitiň içerki çägindäki söwda 4,5 esse (2,4 amerikan dollary bolanyndan 11 milliard amerikan dollaryna çenli) artdy. Bu hadysa daşary ýurt maýasynyň işe çekilmegi we eksport amallarynyň artmagy hem ýardam edýär. 

Syýasy ýagdaýyň üýtgemegi ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşli aragatnaşyklary ösdürmekden ugur almagy sebitde işewürlik gurşawyny köpçülikleýin gowulandyrmaga ýardam edip, Merkezi Aziýa ýurtlaryna gös-göni daşary ýurt maýalarynyň gelmegine esasy sebäpleriň biri boldy. Mysal üçin, 2022-nji ýylda sebite daşary ýurt maýalarynyň takmynan 40 milliard amerikan dollary geldi, bu bolsa 2016-njy ýyldaky bilen deňeşdireniňde 2 esse artdy diýmegi aňladýar. Ýene 1 ýyl geçenden soň, bu görkeziji 50 milliard amerikan dollaryna ýetdi. 2024-nji ýylda bolsa Merkezi Aziýa ýurtlary gös-göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň 24,8 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Soňky ýyllarda esasy maýa goýujy Ýewropa Bileleşigi boldy. Ýaňy ýakynda ÝB Merkezi Aziýa ýurtlary üçin 12 milliard ýewro möçberinde maýa goýumlaryň goýberilýändigini yglan etdi. Olardan 3 milliard ýewro ulaglar we logistika ulgamyna, 2,5 milliard ýewro dag magdanlaryny gazyp alýan pudagyna, 6,4 milliard ýewro klimat bilen bagly başlangyçlara we 100 million ýewro sanly ösüşe gönükdiriler. Ýeri gelende, soňky 7 ýylyň dowamynda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwdanyň umumy göwrüminiň 4 esse artyp,  54 milliard ýewro ýetendigini bellemek gerek, bu bolsa hyzmatdaşlaryň biri-birine ynanyşmagynyň we strategik taýdan ýakynlaşmagynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. 

Sebitiň döwletleriniň arasynda hem gös-göni maýa goýum işjeňliginiň artýandygyny bellemek gerek. Mysal üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gös-göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagy 1 ýylda takmynan 9%-e ýetdi. 

Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk bilelikdäki önümçilikleri döretmäge ýardam edýär. Munuň şeýledigine goňşy Özbegistanyň mysalynda göz ýetirip bolýar. Bu ýurtda 2016-njy ýyldan bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maýasynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalarynyň sany takmynan 6 esse artdy we 1830-a ýetdi, Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolsa özbek maýasynyň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki kärhanalaryň sany 8,5 esse (4,7 müň) köpeldi[20]. Şunuň bilen birlikde bu Respublikada nygtalşy ýaly bilelikdäki önümçilikleri döretmekde esasy orun ýaşlara degişli boldy, bu bolsa “Özbegistan – 2030” Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. 

 

4. Eksport kuwwaty we onuň sebitiň utgaşmagynda tutýan orny

 

Şeýle-de bolsa, diňe bir önümçilik kuwwatynyň däl-de, eýsem eksport mümkinçilikleriniň artmagyny hem göz öňünde tutmak gerek. Mysal üçin, Türkmenistan 2015-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli döwürde eksport kuwwatyny 142,7% töweregi artdyrdy. Eksport işjeňliginiň hasabyna gazanylýan bu kuwwaty hil babatda özleşdirmek maksady bilen ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmegi üçin oňyn şertler döredilýär: 2015-nji ýylda döwlet çykdajylarynyň jeminde bilime, saglygy goraýyşa we durmuş taýdan goraglylyga harajatlaryň paýy 49% bolan bolsa, 2022-nji ýylda bu görkeziji 67%-den hem geçdi[21]. Türkmenistanyň JIÖ-niň düzüminde döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýynyň ösmegi hem umumy sebit görkezijilerine laýyk gelýär. 2015-nji ýylda bu görkeziji 68%-e, 2022-nji ýylda bolsa 71,1%-e deň boldy. Şu jähetden telekeçilik düzümleriniň ýaşlary işe ýerleşdirmekde has işjeň hereket edýändigini bellemek gerek. Türkmenistanda hususy önümçilikde zähmet çekän 30 ýaşyna çenli işgärleriň ortaça sany ykdysadyýetiň döwlete degişli bölegindäkiden 5% ýokarydyr[22].

Merkezi Aziýada önümçilik mümkinçiliklerinden başga-da ykdysadyýetiň önümçilik däl ulgamyny ösdürmegiň hem uly geljegi bar. Bilermenleriň baha bermegine görä, sebitde syýahatçylygy, şol sanda onuň zyýarat, gastronomik, ekologik, medeni-aň-bilim, ekstremal häsiýetli syýahatlar we geosyýahatçylyk ýaly ugurlaryny ösdürmek üçin oňyn şertler döredilendir. Merkezi Aziýada ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň 16 sany desgasynyň ýerleşýändigini bellemek gerek. 

Sebitiň dünýä ykdysadyýetine utgaşmagynyň umuman çaltlanýandygy bellenip geçilýär, munuň şeýledigine harytlaryň daşary söwda dolanyşygynyň sekiz esse artandygy şaýatlyk edýär[23]. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) we Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) soňky ykdysady çaklamalaryna laýyklykda 2025-nji ýylda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda-da ykdysady ösüşiň dowam bolmagyna garaşylýar.

 

5. Sebitiň ösüşiniň esasy draýwerleri

Merkezi Aziýa sebitinde ýokary goşmaça gymmatly innowasion ykdysadyýete geçmek hadysalary ýüze çykýar. Ylmy barlaglaryň çaklamalaryna görä, ýokary goşmaça gymmat tehnologiýalar derman senagaty, maliýe we kreatiw senagat pudaklary ýaly pudaklarda döredilýär. Öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary goşmaça gymmaty şu aşakdakylar arkaly gazanýandygyny ylmy barlaglar görkezýärler:

  1. Innowasiýalar. Mysal üçin, NVIDIA kompaniýasynyň bazar maýasynyň 2024-nji ýylda 2 trillion amerikan dollary möçberinde artmagy mümkinçilik beren AI-çipleri ýaly täze önümleriň we hyzmatlaryň işlenip taýýarlanmagy[24];

  2. Brending baýrakly bahany bellemäge mümkinçilik berýän güýçli brendleriň döredilmegini göz öňünde tutýar, mysal üçin, Nike özüniň meşhur nyşany (logotipi) arkaly aýakgaplary has ýokary bahadan satýar[25].

  3. Amazondaky ýaly awtomatik usulda yzyna gaýtarmak we mugt eltip bermek bilen harajatlary kemeltmek üçin önümçilik işlerini gowulandyrmakdan ybarat bolan netijelilik.

  4. Müşderileriň tejribesi;

  5. Ulanylmagy önümleriň ep-esli gowulandyrylmagyna getirýän tehnologiýalar;

  6. Harajatlaryň barabarlykda artdyrylman, satuwlary ýokarlandyrmak üçin täze bazarlara aralaşyp, işiň gerimi giňeltmegi göz öňünde tutýan global çäkde işewürlige gatnaşmak.

Çalt uýgunlaşmaga, täze pikirleri döretmäge “sanly aborigen” bolup bilmäge işjanly we uzak möhletleýin kuwwata eýe bolmaga ukyplydygy sebäpli 30 ýaşyna çenli ýaş adamlar ykdysady işde esasy orun tutýarlar. Ylmy barlaglaryň görkezilişi ýaly, hususan-da ýokary tehnologiýaly pudaklarda innowasiýalara goşant goşmaga ukyplydygy sebäpli, olar 30 esse netijeli bolup bilerler. 

         Şeýle ýaşlary kemala getirmek üçin şu aşakdakylar zerurdyr:

  1. STEM-den sanly sowatlylykdan we tankydy pikirlenmeden ugur alýan bilime elýetirlilik. Ylmy barlaglar STEM-de ýokary bilim derejesi bolan ýurtlaryň JIÖ-niň has ýokary ösüş derejesini görkezýändigine şaýatlyk edýärler[26].

  2. Innowasiýalary höweslendirip, giň gerimde gatnaşmagy we deň mümkinçilikleri üpjün edýän institutlar;

  3. Bu innowasiýalary, telekeçiligi we endikleriň ösdürilmegini goldaw durýan gurşaw;

  4. Bilimi pudagyň zerurlyklary bilen baglanyşdyrýan we üznüksiz okuwy goldaw durýan oňyn döwlet syýasaty[27];

  5. Ýokary okuw mekdepleriniň THE, QS, AWRU we beýlekiler ýaly reýtinglere goşulmagy arkaly global giňişlige utgaşmagy, bu bolsa talyplary taýýarlamak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Mysal üçin, Hindistanda öz görkezijilerini esasy halkara görkezijilere laýyk derejä ýetirmek arkaly uniwersitetleriň mümkinçiliklerini artdyrmak syýasytynyň netijesinde, bilermenleriň bahalandyrmalaryna laýyklykda, bilim tehnologiýalarynyň hindi bazarynyň göwrümi 30 milliard amerikan dollaryna ýeter[28].

Bu çäreleri durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň başlangyç tapgyrynda ýokary tehnologiýaly pudaklarda işlemäge taýýarlamak üçin STEM-bilime, dürli hyzmatdaşlyk maksatnamalary arkaly sanly media we dizaýn ýaly pudaklar üçin hünär okuwyny ösdürmäge, startaplar üçin maliýeleşdirmek we halypaçylyk arkaly telekeçiligi goldamaga,  OECD-niň maslahatlaryndaky ýaly häzirkizaman okuwy üçin tehnologiýalar we internet elýeterlilik bilen mekdepleri üpjün etmäge maýa goýumlary goýmak mümkindir.

Şunuň bilen baglanyşyklykda, bu şertleriň döredilmegi meselesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek maksadalaýykdyr. Birleşdirilen çemeleşme sebitiň döwletleriniň bilim strategiýalarynyň we pudaklaryň zerurlyklarynyň özara ylalaşykly bolmagy, ýokary hereketliligi (mobilligi), giň gerimli başlangyçlar üçin uly göwrümli maliýe serişdelerini işe çekmegi üpjün edýär.

Ýeňil (dokma we tikinçilik), azyk we himiýa senagaty ösdürilýär. Sanly we kreatiw senagatyň örän ýokary derejede ösmegi intellektual önümçilige geçmäge ýardam edýär. 

         Umuman bilermenler sebitiň ykdysady taýdan ösmeginiň bäş sany esasy draýwerini tapawutlanýarlar,  şol sanda:

1) söwda üçin amatly şertleriň döredilmegi, onuň ösüşi käbir bilermenleriň berýän hasaplamalaryna görä 9-11% töweregi;

2) maýa goýum işjeňliginiň çaltlandyrylmagy;

3) ulag geçelgeleriniň giňeldilmegi we sepsiz giňişligiň döredilmegi;

4) klimat we suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegi;

5) umumy medeni-taryhy gymmatlyklaryň esasynda sebitiň özboluşly barabarlygynyň berkidilmegi;

6) sebitde hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň berkarar edilmegi[29]. 

 

6. Syýasy taýdan özara baglanyşyklylyk

Ýokary depginlerde bolup geçýän ykdysady utgaşmak bilen bir wagtyň özünde syýasy taýdan hem ýakynlaşmagyň bardygy bellenýär. 2024-nji ýylyň awgustynda Astana sammitinde “Merkezi Aziýa – 2040” atly sebit kooperasiýasyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda bellenişi ýaly, döwletara ýakynlaşmak hadysalarynyň sebitde durnukly we dolanuwsyz häsiýete eýe boldy, döwletler hemmetaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge umumy syýasy erkin bardygyny beýan edýärler hem-de umumy geljek üçin bilelikde jogapkärçilik çekmäge özleriniň taýýardygyny yglan edýärler[30]. Şeýle hem resminamada sebitiň ýurtlary bar bolan söwda babatda päsgelçilikleri we artykmaç proteksionizmi aradan aýyrmagyň, transparent we durnukly şertleri üpjün etmegiň, şeýle hem ykdysadyýet, maýa goýumlar, daşary söwda we ulaglar üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jogapkär ministrleriniň duşuşyklarynyň hemişelik esasda geçirilmeginiň zerurdygyny belleýärler. 

 2025-2027-nji ýyllar üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Ýol kartasy we 2025-2027-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň senagat taýdan kooperasiýasyny ösdürmek boýunça hereketleriň Meýilnamasy ýaly möhüm resminamalarda mundan beýläk uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek baradaky öz meýilleriniň bardygyny berkitdiler. Ähli maksatnamalaýyn resminamalarda özara hyzmatdaşlygyň biri-birine hormat goýmagyň we taraplaryň hukuklarynyň göz öňünde tutulmagynda amala aşyrylýandygynyň bellenmegini aýratyn nygtamak gerek.

Döwletleriň utgaşmaga bolan umumy ymtylmasynyň halkara kanunçylygyň milli hukuk namalaryna ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýandygyny bellemek zerur. Bu ýagdaý hususan-da Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek ýaly global başlangyçlara degişlidir. Mysal üçin, mundan beýläk durmuş-ykdysady ösüşi kesgitleýän möhüm resminamasy – “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasy” bolan Türkmenistanda DÖM-iň beýleki maksatnamalaýyn resminamalar bilen özara baglanyşygy göz öňünde tutulýar.

Hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerine esaslanýan, häzirki wagtdan durmuş üpjünçiligi, ykdysady mehanizmler we ş.m. ýaly ulgamlaryň nusgalaşdyrylmagy hem-de unifikasiýa edilmegi ugrunda bilelikdäki taslamalary, şeýle hem başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertler döredilýär. Bu garaýyşlaryň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilmegi ýaşlarda gyzgyn seslenme döredýär, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylary tarapyndan işjeň goldanylýar. 

 

7. Mentifaktlaryň üýtgemegi: täze öwüşginler 

Dünýäniň medeni giňişligine sazlaşykly goşulyşmak bilen bir wagtyň özünde sebitiň ýurtlary tarapyndan medeni öz ygtyýarlylyga eýe bolmagyň hususy strategiýalarynyň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly beýleki bir gyzykly hadysa aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Belli bolşy ýaly, 2005-nji ýylda ÝUNESKO medeni taýdan özüňi aýan etmegiň dürli görnüşlerini goramak hem-de höweslendirmek baradaky Konwensiýany kabul etdi. Kabul edilen konsepsiýalaryň esasynda Merkezi Aziýada özygtyýarlylyk ideologiýasyna daýanýan gymmatlyklar ulgamy kemala geldi[31]

Şunuň bilen birlikde maddy we maddy däl gymmatlyklar görnüşindäki “medeni miras” konsepti jemgyýetçilik-publisistik, akademik çäkler we hukuk tejribeleri derejesinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde depginli ösüşe eýe boldy. Halkara medeni we ykdysady geriminiň giňemegi, ynsanperwer we durmuş-ykdysady kynçylyklaryň aradan aýyrmagy makrosebitiň derwaýys gün tertibini kemala getirdi.merkezi Aziýa jemgyýetleriniň özgermegi şertlerinde goşulyşmak olaryň etnomilli özboluşly barabarlygyny ýitirim etmegi aňlatmaýardy. Milli babatda ileri tutulýan garaýyşlardan ugur alyp, Merkezi Aziýa döwletleri köpugurly hyzmatdaşlyk, şol sanda dünýä bileleşigi, türki dünýäsi we GDA ýurtlary bilen syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatda pragmatik häsiýetli garaýyşlara eýediler[32].

 

8. Ýaşlar – utgaşmak hadysalarynyň özeni

 

         Ýaşlaryň arasynda olaryň täze etnomedeni ideologiýa keşbiniň esasynda ykdysady işjeňliginiň düýbünden täze görnüşiniň döreýändigini göz öňünde tutmak zerurdyr. Bu täze görnüş öňki guramaçylykdan tapawutlanýar, sebäbi ol sanly tehnologiýalar täze trendler arkaly guralýar[33]. Bu bolsa, öz nobatynda, ykdysady işleri hut goňşy döwletler bilen alyp barmaga ýokary gyzyklanmanyň bolmagynda ýüze çykýar, sebäbi dünýä ummanyna çykalganyň ýokdugy ýaşlaryň işewürligini ýanaşyk ýurtlarda harytlary hem-de hyzmatlary ýerlemegiň bazarlaryny gözläp tapmaga höweslendirýär. Bu hadysa ykdysadyýetiň hususy böleginde ýaşlaryň önümçiligi dörediji güýç bolmagynda öňki medeni mentifaktlaryň ýitmegine getirýär: uly ýaşly nesil bilen deňeşdireniňde, utgaşmak hadysalary babatda ýaş adamlar geljege has ynamly garaýarlar. Şunuň bilen baglanyşyklykda sebitiň geljekki syýasy-ykdysady landşaftyny ýaşlar dörederler. Muňa statistika hem şaýatlyk edýär, oňa laýyklykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň aglaba köpüsi Gazagystany, Özbegistany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Türkmenistany öz içine alýan Merkezi Aziýa bileleşigini döretmek baradaky garaýyşa oňyn seslenýär[34]. 

Şeýlelikde, Merkezi Aziýada ýaşlar syýasaty diňe bir durmuş zerurlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem bütin sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply strategik taýdan ileri turulýan ugurdyr. Ykdysady ösüşiň oňyn görkezijileri bilen goldaw tapan demografik düşewünt, şeýle hem baý taryhy medeni miras ykdysadyýetiň çig mal görnüşinden senagat nusgasyna geçmek üçin deňi-taýy bolmadyk şertleri döredýär. Sebitiň ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegi we BMG tarapyndan binýady goýlan durnukly ösüş ýörelgeleriniň esasynda bilelikdäki syýasatyň sazlaşykly ýola goýulmagy diňe bir ykdysady taýdan bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylmagyny däl, eýsem dünýä arenasynda Merkezi Aziýanyň täsirini güýçlendirmäge-de mümkinçilik berer. 

Türkmenistan durnuklylygyň we parahatçylygy söýüjiligiň nusgasy hökmünde bu hadysalaryň guralmagyny we utgaşdyrylmagyny üpjün etmäge taýýardyr.  2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçmegi ýaşlaryň täze başlangyçlaryny ösdürmäge, maýa goýumlary çekmäge depginli ykdysady ösüş üçin şertleri döretmäge ýardam etjek bitewi utgaşykly giňişligiň döredilmeginde möhüm ädim bolar. Mundan başga-da, bu esaslar “Merkezi Aziýa – 2040” resminamasynyň esas goýujy maksatlaryna we wezipelerine ýetmäge, şol sanda, sebitiň hökümetara utgaşmagyny we halkara subýektligini güýçlendirmäge, infrastruktura kuwwatyny ykdysady taýdan ösdürmäge we berkitmäge, bilim, medeni we maglumat gurşawuny ösdürmäge mükinçilik berer. 

Galyberse-de, geçirilmegi meýilleşdirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Üçünji maslahatynyň gün tertibi bilen şertlendirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Bu ýerde diňe bir sebitde umumy bähbitleriň we infrastruktura çözgütleriniň hasabyna hyzmatdaşlygy çaltlandyrmak barada däl-de, eýsem global Gün tertibiniň çäklerinde esasy çäreleri amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri birleşdirmek barada gürrüň gidýär.

 

[1] Ýewraziýa ösüş bankynyň hasabaty

[2] Ýewraziýa ösüş bankynyň hasabaty

[3] DÖM saýtynyň maglumatlary, elýeterlilik salgysy:

 https://dashboards.sdgindex.org/profiles/turkmenistan 

[4] Statista – tehnologik kompaniýalarda işgärleriň ortaça ýaşy

[5] Business Insider – öňdebaryjy tehnolgik kompaniýalarda işgärleriň ortaça ýaşy

[6] 2025, TechBehemoths – 2025-nji ýylda işgärleriniň sany boýunça ABŞ-nyň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary

[7] WorldAtlas, 2018, WorldAtlas – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilaty

[8] 2024, Statista – 2025-nji ýylda global derejede işçi güýjüniň ortaça ýaşy

[9] How Important is Education for Economic Growth?, elýeterlilik salgysy: https://xqsuperschool.org/education-policy/how-important-is-education-for-economic-growth 

[10] The Role of Youth in Economic Development, elýeterlilik salgysy: https://www.linkedin.com/pulse/role-youth-economic-development-martin-p-mandalu-ph-d-1 

[11] Ykdysady ösüşe ýardam bermekde işçi güýjüni ösdürmek maksatnamalarynyň aýgytly ähmiýeti, ПИИ (Gös-göni daşary ýurt maýa goýumlary – GDÝMG) ylmy barlaglary 2023 ýyl. 

[12] World Population Prospects, Bütindünýä bankynyň 2023-nji ýyldaky maglumatlary. 

[13] Harnessing the Demographic Dividend, Bütindünýä banky.

[14] Ýewraziýa ösüş bankynyň 2025-nji ýyl boýunça hasabaty 

[15] 2024-nji ýyl boýunça Türkmenistanyň statistika ýygyndysy

[16] Ýewraziýa ösüş bankynyň “2025-2027-nji ýyllar üçin Makroykdysady çaklaýyşy”

[17] Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky strategik we sebitara ylmy barlaglar institutynyň hasabaty, 2025. 

[18] Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň 2023-nji ýyldaky maglumatlary. 

[19] Halkara Merkezi Aziýa institutynyň maglumatlary 

[20] Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky strategik we sebitara ylmy barlaglar institutynyň hasabaty, 2025. 

[21] Türkmenistanyň meýletin milli syny. Durnukly ösüş ulgamynda global Gün tertiniň durmuşa geçirilişiniň barşy barada, 2023-nji ýyl.  

[22] 2024-nji ýyl boýunça Türkmenistanyň statistika ýygyndysy.

[23] Gazagystanyň döwlet maglumatlar agentligi, elýeterlilik salgysy: https://www.inform.kz/ru/kak-demograficheskiy-rost-povliyal-na-ekonomiku-tsentralnoy-azii-4717ef 

[24] 2025-nji ýylyň aprelinde bazar maýasynyň möçberi boýunça iň iri kompaniýalar, elýeterlilik salgysy: https://www.fool.com/research/largest-companies-by-market-cap/

[25] Goşmaça gymmatly önüm: senagatda we marketingde bu nämäni aňladýar? elýeterlilik salgysy: https://www.investopedia.com/terms/v/valueadded.asp

[27] Bütindünýä bankynyň 2024-nji ýyl boýunça maglumatlary.

[28] Hindistanyň elektron täjirçilik senagatynyň seljermesi, elýeterlilik salgysy: https://www.ibef.org/industry/education-presentation 

[29] Halkara Merkezi Aziýa institutyny, 2024. 

[30] “Merkezi Aziýa – 2040” atly sebit koopirasiýasyny ösdürmegiň Konsepsiýasy resminamasynyň teksti. 

[31]Abdimuminow O.B., Merkezi Aziýanyň we ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygy // Молодой ученый. 2019. № 32. С. 70-72.

[32]  Oktýabrskaýa I.W., Merkezi Aziýa:taryhy medeni-miras ХХ asyryň ahyrlarynda – XXI asyryň başlarynda milletara gatnaşyklaryň düzüminde  // Integration and Security in Asian Region, DOI: 10.14258/SSI(2023)3-01. 

[33] Ýohan Engwal, Merkezi Aziýa Russiýanyň çäklerinden çykýarmy? 22-nji noýabr, 2023, CAA, elýeterlilik salgysy: https://www.caa-network.org/archives/25018/czentralnaya-aziya-vyhodit-za-ramki-rossii 

[34] Merkezi Aziýanyň ýaşlar. Sosialogik sorag-jogap alyşmagyň esasyndaky deňeşdirme syn. Almaty, 2017ý.