Featured blog image
Teswirlemeler 11 Apr 2025

Hyzmatdaşlygyň Täze Mümkinçilikleri: Türkmen ýaşlary Awazada geçiriljek LLDC3 forumyna taýýarlanýar

“Dialog – Parahatçylygyň Kepili” atly Merkezi Aziýa Ýaşlarynyň Ikinji Forumy, sebitiň ýaşlarynyň birleşip pikir alyşýan, özara düşünişmegi ösdürýän hem-de parahat geljek üçin hyzmatdaşlyk edýän ähmiýetli meýdançasydyr. Biziň nesilimiz parahatçylygy we adalatlylygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär – bu bolsa DÖM 16-nyň özenidir. Forum bize öz pikirlerimizi beýan etmäge, pikir alyşmaga we serhetara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär.


Dialog häzirki zaman dünýäsinde diňe bir gepleşik däl, eýsem medeniýetleriň arasynda köpri, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda gural we durnukly ösüşiň kepili bolup durýar. Bu forumyň dürli medeniýetleri birleşdirýändigine we ýaşlarymyzy işjeňlige ruhlandyrýandygyna şaýat bolmak buýsandyryjydyr. Bu bolsa ýaşlar diplomatiýasynyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ýene bir gezek görkezýär.

Awazada geçiriljek LLDC3 konferensiýasy hyzmatdaşlygyň täze sahypasydyr. Bu forumda alyşylan pikirleriň we tejribeleriň global ösüş strategiýalaryna itergi berjekdigine we türkmen ýaşlarynyň bu ugurda mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýaryn.


Döwletgeldi Ataýew
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby, DÖM-üň Ýaş ilçisi