Featured blog image
Teswirlemeler 11 Apr 2025

Nýu-Ýorkda nesilleriň gepleşikleri: Türkmen ýaşlary we Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary sebitiň geljegini ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmen ýaşlarynyň wekili hökmünde, “Dialog – Parahatçylygyň Kepili” atly Merkezi Aziýa Ýaşlarynyň Ikinji Forumynyň geçirilmegi sebitimiziň durnkuly ösüşini üpjün etmegiň geljek nesiller üçin möhümdigini düşündirýär. 

Bu ýokary derjede geçirilýän Forum biz ýaşlara başarnyklarymyz we pikirlerimiz bilen, sebitimiziň geljegini şekillendirmäge mümkinçilik berýär. Tehnologiýanyň ösmegi, daşky gurşawy goramak meselesi we globalizasiýa ýaly ähli ýagdaýlar esasynda emele gelen perspektiwalarymyz, her bir adam üçin ösüş we parahatçylyga gönükdirilen geljek döretmekde möhüm orna eýe bolýar. Forumyň pikirlerimizi we umytlarymyzy sebit we global syýasy gepleşiklere goşmaga mümkinçilik bermegi bize geljekki ýyllarda beýik özgerişlere şaýat bolmagymyz üçin möhüm orna eýedir.

Merkezi Aziýanyň geljegi barada gürrüň edenimizde, men BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 8-njisine (SDG 8) aýratyn üns berýändigimi aýtmak isleýärin. Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda bu maksat her bir adamyň tehnologiýa, ýaşyl energetika we sanly ösüş ugurlarynda innowasiýany ösdürip, täze iş mümkinçiliklerini döretmek üçin köp mümkinçilik döreder.

Meniň üçin bu Forumyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşi boýunça tejribeli çözgütleriň tapylmagyna goşant goşar. Mundan başga-da, bu Forum ýaşlarymyza birleşip, sebitimiz üçin durnukly ösýän we parahat geljege tarap ädim ätmäge itergi berer.

Ýakyn wagtda geçiriljek Forum Türkmenistan we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirip, has beýik ösüşlere tarap ymtylmaga ruhlandyrar. Ýaşlaryň sesi parahatçylyk, durnukly ösüş we ykdysady öňe gidişlik ugrunda ýol görkeziji bolar.

Malika Hasanowa 

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş uniwersitetiniñ talyby, DÖM-üñ ilçisi