Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygyna nädip gatnaşyjy bolmaly
2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň baş edarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy «Parahatçylyk we ynanyşmak ugrunda ýaşlaryň sesleri» şygary astynda geçiriler. Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.
Duşuşyga gatnaşmak üçin çäräniň resmi web-saýty — dialog.bilim.tm arkaly hasaba alynmaly. Hasaba alyş blankasy ady we familiýasy, doglan senesi, ýaşaýan ýurdy, aragatnaşyk maglumatlary ýaly şahsy maglumatlary öz içine alýar.
Çykyş etmek isleýän gatnaşyjylar çykyşynyň temasyny görkezmeli, esasy tezisleriniň gysgaça beýanyny hödürlemeli we prezentasiýasyny ýükläp bermeli. Çäräniň düzgünnamasyna laýyklykda, çykyşlaryň dowamlylygynyň 3 minutdan aşmaly däldigine ünsüňizi çekýäris!
Çäräniň iş dili — iňlis dili. Ähli materiallar, şol sanda prezentasiýalar we çykyşlaryň tezisleri iňlis dilinde taýýarlanylmaly.