Featured blog image
Eksklýuziw 10 Apr 2025

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny BMG-niň global platformasyna çykarýar

Dünýä diplomatiýasynyň merkezinde bolan, Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda – 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen möhüm çäre geçiriler. Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy, EKOSOS-nyň Ýaşlar forumynyň çäginde ýokary derejeli sessiýa görnüşinde geçiriler. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça taryhy 2250-nji Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre, Merkezi Aziýa ýaşlarynyň halkara arenadaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Başlangyçdan halkara ykrarnama çenli

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň taryhy 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde bu möhüm sebitleýin platformanyň düýbi tutulanda başlandy. Türkmenistanyň başlangyjy bary-ýogy bir ýarym ýylyň içinde sebitleýin çäklerden çykyp, BMG derejesinde ykrar edilen möhüm halkara Maksatnama öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde, dialogyň ikinji duşuşygynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilen döwürde geçirilmegi, Türkmenistanyň başlangyçlarynyň halkara ähmiýetini subut edýär.

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň, ýaşlar guramalarynyň hünärmenleriniň, BMG-niň we halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagy onuň ýokary derejesini görkezýär. Sebitdäki ähli ýurtlara – Türkmenistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana – ýaşlar hyzmatdaşlygy baradaky garaýyşlaryny beýan etmek üçin aýratyn mümkinçilik döredilýär. Bu bolsa platformanyň inklýuziw häsiýetini görkezýär.

Dialogdan institusionallaşmaga

Duşuşygyň möhüm netijeleriniň biri, gatnaşyjylaryň ýüzlenmesini kabul etmek hem-de dialogyň nobatma-nobat geçiriljek çäresini yglan etmek bolar. Bu bolsa başlangyjyň täze, has düýpli we gurluşly tapgyra geçýändigini görkezýär.

Çäräniň BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýaşlaryna halkara arenada deň-duşlary bilen aragatnaşyk gurmak, tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa, Merkezi Aziýa ýaşlarynyň halkara jemgyýetçiligi bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmek maksadyna doly laýyk gelýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna goşant

Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygynyň 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi, Türkmenistanyň başlangyçlarynyň halkara giňişlikde öňe sürülendigini we halkara jemgyýetçiliginiň ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýändigini görkezýär.

Şeýlelikde, öňde boljak duşuşyk diňe bir sebitleýin ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrman, eýsem, global derejede parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegine uly goşant goşar. Bu bolsa Türkmenistanyň jogapkärli we başlangyçlara baý halkara jemgyýetçiliginiň agzasy hökmünde abraýyny has-da berkitmäge hyzmat eder.