Arkadagdan Nýu-Ýorka: parahatçylykly geljegi döretmek ugrunda ýaşlaryň ädimi
BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 11-njisi – Durnukly şäherler we ilatly ýerler –
boýunça Ýaş ilçi hökmünde Merkezi Aziýa ýaşlarynyň dialog arkaly birleşmegine şaýat
bolmak meni buýsandyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň Ikinji forumynyň Nýu-Ýork şäherindäki BMG-
niň Ştab-kwartirasynda, ECOSOC Ýaşlar forumynyň çäginde geçirilmegi türkmen
ýaşlarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu waka ýaşlaryň dünýä derejesindäki ornuny
görkezýän taryhy ädim bolup, durnukly ösüş, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň
ähmiýetiniň artýandygynyň subutnamasydyr.
Bu forumyň ilkinji gezek 2023-nji ýylda sebitde ilkinji akylly şäher bolan Arkadag şäherinde
geçirilendigi aýratyn ähmiýetlidir. Arkadag şäheri diňe bir tehnologik çözgütleri taýdan däl-
de, eýsem binagärlik gözelligi, ekologiýa taýdan arassalygy we inklýuziwligi özünde
jemleýän nusgalyk şäherdir. Ýaşlar üçin bu şäher mümkinçilikleriň merkezidir – täze
pikirlere ýol açýan geljegiň şäheridir.
Birinji forumyň Arkadagda geçirilmegi parahatçylykly dialog bilen durnukly şäher ösüşiniň
aýrylmaz baglanyşygyny görkezýär. 2025-nji ýylda bu başlangyjyň Nýu-Ýorkda dowam
etdirilmegi guwandyryjydyr.
Biz ýaşlar täze pikirleriň öňe sürülmegine, ýaşlaryň bähbidine möhüm çözgütleriň kabul
edilmegine uly umyt baglaýarys.
Bu forum Merkezi Aziýa ýaşlarynyň dünýä derejesindäki ösüşlere goşant goşmaga
taýyndygyny görkezýän mümkinçilikdir. Ähli ýaşlary bu taryhy foruma işjeň gatnaşmaga
çagyrýarys – pikirleriňizi, döredijiligiňizi we höwesiňizi biziň paýlaşyň. Biz diňe bir
milletleriň däl, eýsem nesilleriň arasynda-da köpri gurýarys!
«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň Ikinji
forumynyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Yslam SARYJAÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby, DÖM-üň Ýaş ilçisi