Featured blog image
Analitika 09 Apr 2025

Türkmenistanyň ýaşlary döwlet syýasatynyň üns merkezinde: geçmişden innowasiýalara tarap

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşlarynda türkmen ýaşlarynyň wajyp ornuny we taryhy üstünliklere hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine goşýan uly goşandyny aýratyn belleýär.

Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak, jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmak üçin şertleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda türkmen ýaşlary dürli olimpiadalarda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda we sport ýaryşlarynda öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezýärler. Türkmenistanyň ýaş oglanlary we gyzlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň öňe gidişikli ösüşine işjeň gatnaşyp, döwlet we hususy düzümlerinde üstünlikli zähmet çekýärler. 

Şeýlelik bilen, häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünliklerini,  olaryň milli ykdysadyýetiň hem-de jemgyýetiň ösüşine goşan goşandyny ýurduň ähli durmuş ugurlarynda görüp bolýar. Şeýle üstünlikler döwlet maksatnamalaryna laýyklykda ýaş maşgalalar üçin sosial ýeňillikleriň giňeldilmegi, olara ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmekde goldaw bermek ýaly we başga-da birnäçe çäreleriň netijesinde mümkin boldy.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň netijesinde 35 ýaşa çenli ýaşlaryň takmynan 37 göterimi milli parlamentiň düzümine saýlandy. Mundan başga-da, ýaşlaryň döwlet dolandyryşyndaky roluny ýokarlandyrmak we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisinde ýaş parlamentariler topary döredildi.

Ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ösüp gelýän nesliň, türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň döwrebap bilim almak, ukyplaryny ösdürmek üçin şertleri döretmek meseleleri hemişe döwletimiziň üns merkezinde durýar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek işinde türkmen ýaşlaryna aýratyn orun berilýär. Bu halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde, türkmen oglanlarynyň we gyzlarynyň daşary ýurtlardaky öz ýaşdaşlary bilen giň we anyk gatnaşyklary ýola goýmagynda, häzirki zaman dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar.

Beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, belent mertebe we adamlara hormat goýmak, şeýle hem, tebigata aýawly garamak ruhunda terbiýelemek türkmen halkynyň medeniýetiniň aslynda bar bolan gymmatlyklardyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa–Hytaý” döwlet Baştutanlarynyň Sammitinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly forumyny geçirmek başlangyjyny öňe sürdi.

Bu forum şol ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçirilip, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýaşlar bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, giň dünýägaraýyşly, öz halkynyň däp-dessurlaryna we  gymmatly milli mirasyna ýokary hormat goýýan bilimli, sowatly nesli terbiýelemek boýunça giň gerimli işleriň aýdyň mysaly boldy.

Şol döwürde döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde ýaşlaryň durnukly parahatçylyga goldaw bermekdäki ornuna bagyşlanan “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara ýaşlar forumy ýokary derejede geçirildi.

Bu köptaraplaýyn foruma gatnaşmaga Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty boýunça jogapkär adamlar, Hytaý Halk Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Liwiýanyň, Azerbaýjanyň we beýleki ýurtlaryň ministrlikleriniň, edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldylar.

Bu maslahata BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň düzüm birlikleriniň we agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, ÝUNESKO-nyň we beýlekileriň wekilleri hem gatnaşdylar.

Forumda bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary boýunça geçirilen netijeli pikir alyşmalar Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň köpýyllyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge bolan özara gyzyklanmasyny we ymtylmasyny tassyklady.

Bu çäräniň geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren “Dialog – parahatçylygyň kepili” filosofiýasynyň ähmiýetiniň aýdyň subutnamasy bolup, ol dünýä halklarynyň parahatçylykly we ynamly ýaşamagynyň däplerini berkitmekde, gymmatlyk düşünjelerini we dünýägaraýyşlary dikeltmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilendir.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan 2025-nji ýyly “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hökmünde geçirmek boýunça konsepsiýa ýaşlaryň milli maksatnamalary we daşary syýasy başlangyçlary durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmagyna uly itergi berdi.

Mälim bolşy ýaly, 4-5-nji aprelde Samarkantda “Merkezi Aziýa–Ýewropa Bileleşigi” atly taryhy sammit geçirildi. Onuň çäklerinde sebitiň döwlet Baştutanlary strategik ösüşiň birnäçe ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sammitiň meýdançalarynda ähli künjeklerden wekilleri jemlän Klimat forumy geçirildi. Onuň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, şeýle hem Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Wengriýanyň ýaşlarynyň öz ýurtlarynyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministrleri bilen ýokary derejeli dialogy geçirildi.

Duşuşyga 2024-nji ýylda Azerbaýjanda geçirilen COP29 klimat maslahatynyň dowamynda döredilen Halkara Ýaşlar Maslahat Komitetiniň agzalary gatnaşdylar.

Halkara maslahatynyň öňüsyrasynda dürli ýurtlaryň ýaşlary, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem bardy, howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň sebitleýin beýannamasyny taýýarladylar. Bu bolsa COP29-da kabul edilen 2024-2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş medeniýetini öňe sürmek we çagalary hem-de ýaşlary klimat gün tertibine çekmek boýunça halkara strategiýasynyň döredilmegine esas boldy.

Bu ýaşlar strategiýasy gaýtadan işlenilenden soň we täze başlangyçlary göz öňünde tutulmagynda Samarkant şäherinde geçirilen Klimat forumynda ýaşlaryň degişli ministrlikler we edaralar bilen milli hem-de halkara derejede hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň predmeti boldy.

Sammitiň wekilleri hökmünde ýaşlar ministrlikleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, howanyň üýtgemegine garşy göreş ugurda gazanan tejribeleri barada gürrüň berdiler hem-de Pariž ylalaşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlary tarapyndan kabul edilen Milli derejede kesgitlenýän goşantlaryň seljeriş işleriniň netijeleri bilen paýlaşdylar.

Bu ugurdaky indiki ädim hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde, 16-njy aprelde Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň ikinji duşuşygynyň geçirilmegi bolar.

Bu çäre BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” baradaky kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde “Ýaşlaryň sesleri parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna” şygar astynda geçiriler.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň, BMG-niň degişli agentlikleriniň bilermenleriniň hem-de ýaşlar başlangyçlaryny goldaýan halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýokarda bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde ýola goýlan bu başlangyç pikir alyşmak we ýaşlaryň parahatçylyk gurmak proseslerine goşulyşmagy boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm sebitleýin platforma öwrülýär.

Çäräniň esasy maksatlarynyň arasynda: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” baradaky kararnamasynyň ilkinji on ýyllygynyň jemlerini jemlemek, Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasyndaky özara işjeňligi berkitmek, Dialog mehanizmini ara alyp maslahatlaşmak hem-de sebitiň durnukly ösüşi üçin bilelikdäki taslamalary işläp düzmek bar.

Duşuşygyň gün tertibinde parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekde bilimiň orny, sebitiň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek we durnukly ösüş babatynda sosial innowasiýalary ara alyp maslahatlaşmak ýaly meseleler bar.

Bu çäräniň netijeleri boýunça ýaşlaryň hyzmatdaşlyk toruny giňeltmek, täze bilelikdäki başlangyçlary ýola goýmak we Dialogy institutlaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak, şol sanda sebitiň ýurtlarynda duşuşyklary nobatma-nobat geçirmek mehanizmini girizmek meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet işgärleri üçin sebitleýin seminar geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre, sebitiň ýurtlarynyň ýaş hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdiriler.

Mundan başga-da, BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde ýurduň ýaşlaryny we ýetginjeklerini goldamaga, olaryň sebitleýin we halkara derejedäki çärelerde gatnaşygyny giňeltmäge gönükdirilen 2025–2027-nji ýyllar üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly Maksatnamanyň taslamasyny işläp düzmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýaşlara gönükdirilen sebitleýin taslama resminamasy durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirliklerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýöriteleşdirilen seminarlary geçirmek üçin Okuw-maglumat merkezlerini döretmek teklip edilýär.