Featured blog image
Eksklýuziw 08 Apr 2025

Türkmenistan Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygyny guraýar

Türkmenistan Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ikinji Ýaşlar forumyny başlaýar

 

Türkmen wekiliýeti bilim we daşary işler ministrlikleriniň düzüminde, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen birlikde, Türkmenistan döwletiniň başlangyjy esasynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ikinji Ýaşlar forumynda çykyş ederler. Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda EKOSOS-yň Ýaşlar forumynyň çäginde, şeýle hem BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan kabul edilen ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça 2250-nji Rezolýusiýasynyň şanly on ýyllygynda geçirilýändigini bellemek gerek. 

Bu forum Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň abraýly wekiliýetlerini, şol sanda BMG-niň hünärmenler toparyny, halkara donorlaryny we hyzmatdaşlaryny bir gepleşik meýdançasynda jemläp, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak we köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň täze ýollaryny gözlemek we ösdürmek, şeýle hem ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, ýaş ýolbaşçylara we olaryň başlangyçlaryna goldaw bermek meselesini ileri tutmak maksadyna gönükdiriler. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde türkmen tarapy Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen geljekki özgertmeleriň umumy düşünjesini döretmek barada öz garaýşyny beýan eder. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen bu platformada, foruma gönüden-göni degişli bolan sebitdäki ýaşlar öz maksadalaýyk taslamalaryny hödürlärler.

Dialogy berkitmegiň tejribeleýin bölegi, 2250-nji Rezolýusiýanyň çäklerinde ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça çäreleri giňden açmak we jemlemek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň özara platformasyny berkitmek, hyzmatdaşlyklary we ýokary tejribeli hünärmenler bilen alyş-çalyş etmek üçin mümkinçilikleri ösdürmek, sebitiň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, Dialogyň gurluşyny we nusgasyny döretmek, bilelikde işlenilýän taslamalary ösdürmek meselelerine gönükdiriler. Duşuşygyň gatnaşyjylary bilimiň parahatçylyk we tolerantlylyk medeniýetini döretmekde tutýan orny barada, sebitdäki ýaşlaryň arasyndaky ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, durnukly ösüşiň çäginde sosial innowasiýalar we başlangyçlar barada, şeýle-de, şu ýylyň awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Üçünji konferensiýasynyň çäginde guraljak ýaşlar forumy barada pikir alyşmagy göz öňüne tutýarlar.

Forumyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýada ýaşlar arasyndaky hyzmatdaşlyk torunyň giňeldilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen täze taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Dialogynyň institutlaşdyrylmagyna degişli teklipleriň taýýarlanylmagy, sebitdäki ýurtlarda duşuşyklaryň gezekleşme usulda geçirilmegi baradaky teklipleriň taýýarlanylmagy, ýaşlaryň sebit we halkara derejesindäki kararlara täsir etmekdäki ornunyň berkidilmegi, şeýle hem LLDC3 çäginde Ýaşlar forumynyň geçirilmegi we mazmuny boýunça umumy çemeleşmeleriň we teklipleriň işlenip düzülmegi garaşylýar.

2023-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar Dialogy - halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açmakda täsirli gurala öwrüldi. Berlen meýdança parahatçylygy gurmak meselelerini öňe sürýär, bu bolsa BMG-niň Sekretariatynyň Täze çagyryşynyň kämilleşdirilmegi we öňe sürülmegi baradaky netijesine laýyk gelýär. Şeýle format, parahatçylyk medeniýetini döretmekde we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin parahatçylygy üpjün etmegiň binýady hökmünde, ösüşe gönükdirilen işleriň goldanylmagyna ýardam etmekde inklýuziw dialogyň roluny nygtaýar. Mundan başga-da, bu meýdançanyň gatnaşyjylary, BMG-niň agza döwletleri tarapyndan yglan edilip durmuşa geçirilen bitaraplyk syýasatynyň parahatçylykly dialogyň ösdürilmeginde, dünýä ýurtlarynyň arasynda ynamly, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklarynyň gazanylmagynda möhüm orun tutýandygyny, sebitde we global derejede halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam edýändigini belläp geçýärler. Türkmenistanda 2023-nji ýylda "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" şygary bilen geçirilen forum, häzirki zaman geosyýasy çagyryşlaryň şertlerinde möhüm we zerur bir ädim hökmünde kabul edildi we ara alyp maslahatlaşylan pikirleriň, borçnamalaryň hakyky ädimlere getirjekdikleri, şeýle hem durnukly parahatçylyga ýetmekde gymmatly goşant goşjakdyklary nygtaldy.

Häzirki wagtda, nobatdaky forumyň öňüsyrasynda, Türkmenistan - sebitdäki ýaşlar hereketiniň ösüşine uly goşant goşup biljek tekliplerini ynamly öňe sürýär. Şonuň bilen baglylykda, türkmen tarapy ýaşlary diňe bir durmuşyň eşretleri bilen peýdalanýan topar hökmünde däl-de, eýsem jemgyýetiň hereketlendiriji güýji, sosial gurluşyň özeni hökmünde kabul edýändigini düşünmek möhümdir. Onda oňyn bitaraplygyň we parahatçylygyň gymmatlyklaryny ornaşdyrmaklyk, öňe ädimler ädip, global çäklendirmeleri ýeňip geçmäge taýýar bolan bütin bir nesli döretmäge kömek etdi.

Bu meselede, Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan ähli çäreleriň halkara hukugynyň kadalaryna, hususan-da, ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meselesi boýunça 2250-nji Rezolýusiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilendigini nygtamak möhümdir.

Bu esas goýujy reminamada ýaşlaryň şu günki nesliniň dünýäde islendik döwür bilen deňeşdirilende, iň köpsanly nesildigi, harby çaknyşyklary başdan geçirýän ýurtlarda ilatyň aglaba bölegini adatça ýaş adamlar tutýandygy ykrar edilýär. Bu ýagdaý dünýä bileleşiginde aýratyn howsalany döredýär. Şonuň üçin hut ýaşlar diňe bir ösüşe berýän ugrukdyryjy gol bolmak bilen çäklenmän, eýsem parahatçylyga, döredijilik ulgamynda özgertmelere itergi berýän güýç hem bolmalydyr. Şunuň bilen baglanyşyklykda resminamada parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak we ony üpjün etmäge ýardam bermek babadaky tagallalaryna ýaşlaryň möhüm goşant goşýandygy ykrar edilýär. Şeýle hem, ýaşlaryň çaknyşyklaryň öňüni almak, olary düzgünleşdirmek we aradan aýyrmak, parahatçylygy goldamak boýunça tagallalaryň durnukly, ählumumy we üstünlikli bolmagyny üpjün etmekde-de aýratyn orun tutýandygy tassyk edilýär.

Mundan başga-da, dünýädäki häzirki demografik ýagdaýyň ýaşlaryň deňsiz-taýsyz düşewünt hökmünde häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýändigi nygtalýar. Bu düşewünt geljekde inklýuziw syýasatyň bolmagynda ykdysady taýdan gülläp ösüşe ýardam eder. Galyberse-de, resminamada bellenilişi ýaly, ýaşlar dürli ýaramaz hadysalaryň öňüni almak we olarф garşy göreşmek işinde görelde görkezip, has uly ähmiýete eýe bolup biler. Ýaramaz ýagdaýlar - terrorçylyk üçin amatly gurşawy döredip we çaknyşyklara çeşme bolup, durmuş ykdysady taýdan ösüşe päsgel berýärler. Olar sebit we halkara derejesinde howpsuzlygyň bolmazlygy bilen häsiýetlendirýän ýagdaýyň döremegine getirip bilýär. 

Türkmenistanyň oňyn bitaraplygynyň şeýle Dialogyň döredilmegine itergi beriji binýatdygyny bellemek gerek. Häzirki zamanda türkmen bitaraplygy diňe bir geosyýasy taýdan eýeleýän orun däl-de, eýsem, indi üçünji onýyllygyň dowamynda Merkezi Aziýada durnuklylygyň we ynanyşmagyň möhüm binýady bolan filosofiýadyr. Harby bileleşiklere we syýasy toparlara gatnaşmakdan ýüz döndürmegiň hasabyna, Türkmenistan sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky islendik düşünişmezlikleriň ýiti çaknyşyklara geçmeýän atmosferasyny döretmegiň hötdesinden geldi. Şeýle ýagdaý diňe bir syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegini däl, eýsem özara hyzmatdaşlygyň giň gerimini, hususan-da medeni, bilim-ylym alyş-çalyşlary üçin mümkinçiliklerini höwes bilen gözleýän ýaşlaryň arasynda ösdürmäge ýardam edýär. 

Globallaşma we maglumat tehnologiýalaryň çalt ösýän şertlerinde Merkezi Aziýanyň ýaş nesli hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek, tejribe alyşmaklyk garaýyşlaryndan has işjeň ugur alýar. Şu nukdaýnazardan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dialogy ýaly başlangyçlaryň esasyny düzýän türkmen bitaraplygy we onuň oňyn ýörelegeleri sebitiň döwletleriniň arasyndaky möhüm köprä öwrülýär. Hut şunuň ýaly ýagdaýda ýaş adamlar öz pikirlerini erkin beýan edip, derwaýys meseleleri maslahatlaşyp we syýasy zähmetleriň özleriniň ösüşi bolan ymtylmalaryny örtmeginden howatyrlanman, wezipeleýin bilelikde çözmegiň ýollaryny agtaryp tapyp bilerler. Bularyň ählisi sebitiň ýurtlarynyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan utgaşmak hadysasy babatda umumy tagallalarynyň we strategiýalarynyň bir bölegidir. 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň derwaýys meseleleri çözmäge ymtylamalarynda, gorlary birleşdirmekde we tejribe alyşmakda ýüze çykýar. Bu bolsa sebitiň has durnukly we bäsdeşlige ukyply bolmagyna mümkinçilik berýär. Sebitiň ýurtlary, bilim, medeniýet, ylym, ykdysadyýet ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary has işjeň döredýärler. Bu bolsa diňe bir milli mümkinçilikleriň ösdürilmeginde çäklenmän, eýsem her bir gatnaşyjynyň umumy baýlyga öz goşandyny goşup bilýän umumy giňişligi döredýär. 

Şeýle utgaşdyrylan prosess - işjeň ylalaşykly hereketiň we özara goldawyň netijesinde has güýçlenýär, bu aýratyn hem Türkmenistanyň bitaraplyk garaýşynyň çäginde aýdyň şekilde ýüze çykýar. Türkmenistanyň oňyn, hemişelik bitaraplygy ynanyşmak we aýdyňlyk atmosferasynyň döredilmegine ýardam berýär, bu ýerde döwletler hyzmatdaşlyga we köpçülikleýin kämilleşmä üns berip, sebitiň geljekki gülläp ösüşi üçin berk binýat döredýärler.

Umumy geljek eýýäm şu wagt gurulýar: öňümizde Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda, deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Konferensiýasynyň çäginde geçiriljek Ýaşlar forumy bar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly Ikinji Ýaşlar forumy, indi sebitdäki ýurtlar däl-de, deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň kontekstinde forumy geçirmek meselesi hem geljekki maslahatlaryň möhüm temasy bolar. Türkmenistan geljekki çäre üçin işjeň taýýarlyk görýär: meýletinçileri we terjimeçileri taýýarlamak, degişli meýdançalary taýýarlamak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.

«Dialog - parahatçylygyň kepili» atly Ikinji Ýaşlar forumy sebitdäki önemli meseleleriň çözülmegi boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak we tejribe alyşmak üçin meýdança bolar. Ara alyp maslahatlaşmalar we bu çäräniň netijeleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň arasyndaky oňyn dialogyň - ynamy berkitmäge we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşine ýardam edýändiginiň subutnamasy bolar. Şeýle hem forumyň jemleri, sebitdäki sosial, ykdysady we syýasy meseleleri çözmek üçin aragatnaşyklaryň döredilmeginiň we saklanmagynyň möhümdigini tassyklar. Şeýle hem gatnaşyjylar gurnalan  aragatnaşyklaryň çäklerinde geljekki ädimleri bellärler, bu bolsa Merkezi Aziýada durnukly we uzak möhletli parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin möhüm şert bolar.