Featured blog image
Peýdaly makalalar 08 Apr 2025

2025-nji ýyl üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýaşlar forumyna gatnaşmagyň alty sany sebäbi

Ýaşlar forumy EKOSOS-2025– Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda dünýäniň dürli döwletlerinden ýaş liderleri, bilermenleri hem-de hökümetleriň wekillerini özünde jemleýän her ýylda geçirilýän möhüm halkara çäre. Köp adamlara garalýan gün tertibi ýaşlaryň aglabasyndan daşda ýaly bolup görünip bilner. Emma bu beýle däl. Forumyň wezipeleri we maksatlary ähli ýaş nesliň geljegine gönükdirilendir, onuň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlar bolsa diňe her bir adamyň Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna ýetmek üçin olaryň wajyplygyna düşünmegi bilen durmuşa geçirilip bilner.

Bu materialda biz gaty sada, emma hemmeleri gyzyklandyrýan soraga jogap bereris: “EKOSOS-2025 Ýaşlar forumyna näme üçin gatnaşmaly?”. Munda birnäçe sebäpler bar. Inä olaryň käbiri: 

1. Dünýäni has gowy we howpsuz etmek baradaky pikirleriň ýokary derejede diňleniler.

Bu şeýle. Bu forumyň aýratynlygy — ýaşlar parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady ösüş, adam hukuklary ýaly möhüm meseleleri gös göni dürli ýurtlaryň wekilleri, resmi adamlary we ýokary wezipeli işgärleri bilen özara işleşmek arkaly ara alyp maslahatlaşmak üçin ara atyp bilýänligindedir. Ýaşlaryň – çäräniň gatnaşyjylarynyň – ol ýa-da beýleki meseleleri çözmek boýunça öňe sürýän teklipleri, başlangyçlary we anyk taslamalary çekişmeleriň we interaktiw seminarlaryň barşynda seredilýär. Olaryň netijeleri boýunça ýaşlaryň teklipleri jemleýji resminamada beýan edilýär. 

2. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda anyk çözgütleri işläp taýýarlamaga gatnaşyp bilýäň.

Forumyň iş meýilnamasy 2025-nji ýylda seredilýän esasy Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly düzülendir. Şeýlelikde, ýaşlaryň öňe sürýän taslamalary häzirki zamanyň möhüm meselelerine degişlidigini subut edip bilse, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmek mümkinçiligi has ýokarydyr. Şeýle başlangyçlar ylmy esaslara we häzirki döwrüň anyk maglumatlaryna daýanmalydyr.

3. Gyzykly çäreler bilen tanyşyp bilýäň we dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň  sebit meseleleriniň çözgüdini bilelikde ara alyp maslahatlaşýandygyny görüp bilýäň.

Mysal üçin, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ýaşlarynyň Ikinji Dialogy ýaly çäreleriň birine gatnaşyp biler. Onda oňa gyzykly çekişmeler, hakyky taslamalar we olary durmuşa geçirmek boýunça ara alyp maslahatlaşmalar garaşýar. Näme üçin Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ýaşlarynyň Ikinji Dialogy? Sebäbi bu BMG-niň ştab-kwartirasynda ilkinji şeýle format hem-de  bu tiz depginler bilen ösýän sebitiň ýaşlary nähili sebit meselelerinde öz ünsüni jemlejegini görmek örän gyzykly bolar, ýöne has gyzyklysy, olary çözmek üçin nähili usullary teklip etjekdikleri.  

4. Dünýäniň dürli künjeklerinden täze hyzmatdaşlar, dostlar bilen tanyşarsyň.

Ýaşlaryň diňe bir döwlet wekilleri bilen däl, eýsem raýat jemgyýetiniň agzalary, telekeçiler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen hem täsirli hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçilikleri bellärliklidir. Iň oňat pikirleri hödürlän ýaşlar çäreden soň hem toparyň bir bölegi bolup bilýärler. Bulardan başga-da, forumda ýaşlar halkara özara täsirleşmegiň peýdaly tejribesini alarlar. Bu bolsa olaryň şahsy we hünär taýdan ösüşine uly itergi berer.

5. Dünýä jemgyýetçiliginiň Gün tertibiniň ol ýa-da beýleki meseleleri barada pikirlerini we garaýyşlaryny bilersiň we munuň esasynda degişli çözgütleri kabul edip bilersiň.

Foruma gatnaşyjylar wajyp gysgaça beýanlar, maslahatlar we iň gowy tejribeler bilen tanyş bolarlar. Olar geljekde halkara gepleşikleriň ýokary derejelerinde peýdalanyp bilner.  Dialogyň gurallarynyň içki gurluşy bilen hut özi tanyşyp, ýaşlar ol ýa-da beýleki çagyryşlara dogry – esasan hem öz wagtynda jogap berip bilerler. Bu düşnükli zat: habarly bolmak – ýaragly bolmak, ýagny durnukly ösüşe mynasyp goşant goşup, ynamly hereket etmäge taýyn diýmekdir. 

6. Seni hökmany ýagdaýda öz işine ökde hünärmenler doly goldarlar.

Forum BMG-niň DESA, UN Youth Office ýaly öňdebaryjy bölümleriniň, şeýle hem iri ýaşlar birleşikleriniň (MGCY, ICMYO) gatnaşmagynda guralýar. Bu çäräniň tehniki we guramaçylyk taýýarlygynyň ýokary derejesini kepillendirýär. BMG-niň tejribeli işgärleri gatnaşyjylara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ýardam ederler. Şeýle goldaw bolsa ýaşlaryň hatda iň uly taslamalary hem üstünlikli amala aşyrmagyna şert döredýär.

Netijede, bu foruma gatnaşmak — ýaşlara global ösüşe goşant goşmak bilen birlikde, şahsy hem-de hünär taýdan ösüş üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle forumlar 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär.

Çärä nähili ýagdaýda gatnaşyp boljakdygy baradaky giňişleýin maglumatlar bilen öňki neşirimizde tanyşyp bilersiňiz.